icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýun 2020

2049

Metbugat üçin habar

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry  maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa meňzeş maglumat “feýkleriniň”, ýagny toslamalarynyň howaýydygyny hem-de hakykata laýyk däldigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýörite maksatlary yzarlaýan we tassyk edilmedik maglumatlara esaslanýan habarlaryň  ýaýradylmagyna ýol berilmeli däldigi barada Ministrligiň wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisine öň birnäçe gezek mälim edipdiler.

Türkmen tarapy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň açyklyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, diplomatik korpus we daşary ýurt žurnalistleri üçin temalaýyn duşuşyk-brifingleri yzygiderli geçirilýär. Olaryň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada ýokary derejedäki doly bolan maglumatlar berilýär.

Gynansak-da, amerikan tarapy, çakylyklara garamazdan, şeýle duşuşyklara gatnaşmaýar.

Ýokarda aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabatdaky amerikan diplomatik missiýasynyň hereketleriniň netijesiz häsiýetlidigini aýan edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi