icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 mart 2017

1027

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

2017-nji ýylyň 30-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

“Oguzhan” Köşkler toplumynda belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasyndan hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň tanyşdyrylmagyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri başlandy.

 Esasy meseleleriň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri, syýahatçylyk, ýokary bilim, medeniýet babatda bilelikdäki taslamalar boýunça işler bar. Iki tarapyň pikirine görä, häzirki gepleşikler ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk binýadyň düýbüni tutar.

Ýokary derejedäki ikiçäk görnüşdäki duşuşykdan soň, gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-belarus gepleşiklerinde Türkmenistanyň Prezidenti 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn depginlerini belledi. Ol 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,4 göterim ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyz Belarusyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň bar bolan möçberi we sanawy özara mümkinçiliklere laýyk gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparyna Minsk şäherinde geçiriljek nobatdaky 8-nji mejlisiniň barşynda bu ýagdaýy seljermek hem-de bu babatda anyk teklipleri bermek tabşyrylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň düýp esaslaryny berkitdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda, ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, maşyn gurluşyk, dokma we ýeňil senagaty görkezildi.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň baştutanlary Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Iki döwletiň Prezidentleriniň gatnaşmagynda şu aşakdaky resminamalara: Jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2017–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 2016-njy ýylyň 11-nji maýyndaky Türkmen-Belarus Söwda öýi tarapyndan Belarus Respublikasynyň çäklerine we Belarus-Türkmen Söwda öýi tarapyndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän harytlary goşulan baha üçin salgytlardan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga harytlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda Teswirnama;  Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Belarus döwlet tehnologik uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda ylmy-tehniki we innowasion iş hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilenYlalaşyga; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusuň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen «A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama gol çekildi.

Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halkara we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat ýa-da ýakyn gelýändigini görkezýändikleri nygtaldy. Bu bolsa iki ýurduň dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewidir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyn gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri toý bagyny kesdiler hem-de täze bina bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Döwlet Baştutanlary Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň edara binasynyň öňündäki meýdançada agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar.

Şol gün Belarus Respublikasynyň Prezidenti milli gahrymanlaryň – Watan goragçylarynyň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hakydasyny ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we şol ýerde “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

           

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi