icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 aprel 2017

935

Moskwada “Türkmenistan-Russiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy” atly tegelek stol geçirildi

Moskwada Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stolyň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy we Moskwanyň döwlet halkara ganaşyklary instituty (Uniwersiteti) bilen bilelikde gurnalan çärä türkmen we rus daşary işler ministrlikleriniň wekilleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik korpusynyň wekilleri, tanymal gündogary öwreniji alymlar, Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen we rus talyplary gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda dogulan, Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” Ordeniniň eýesi, Russiýanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko hem bardy.

Maslahaty açmak bilen Moskwanyň döwlet halkara ganaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) rektory A.Torkunow iki garaşsyz döwletleriň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyra badalga beren bu şanly senäniň wajyplygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň ähli ugurlaryndaky üstünliklerini bellemek bilen, rektor, hususanda, iki ýurtlaryň ylym we bilim merkezleriniň, akademiki toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirilmegini nygtady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugrunda uly gorlaryň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçisi B.Niýazliýew türkmen-rus hyzmatdşlygyň strategiki häsiýetini belledi. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Russiýa amala aşyran saparynyň we Prezident Wladimir Putin bilen gepleşikleriniň dowamynda tassyklanyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA döwletleriniň 3-nji departamentiniň başlygy A.Sternik öz çykyşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň sebit we halkara meseleleri boýunça garaýşylarynyň ýakyndygy we bu ýagdaýyň iki döwlete abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy we onuň geljekki ösüşi baradaky nutuk bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi G.Kasymow çykyş etdi. Hyzmatdaşlygyň uly potensialynyň bardygyny belläp, türkmen diplomaty onuň netijeliligini, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory J.Gurbangeldiýew ynsanperwer hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy görkezijisi bolan iki ýurtlaryň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Kosmonawt Oleg Kononenko gatnaşyjylara ýüzlenip şeýle diýdi: “Türkmenistan-meniň önüp ösen Watanym. Kosmosa amala aşyran üç sany saparymda hem men öz ýanym bilen bu ajaýyp topragy ýatladýan türkmen sowgatlaryny ýanym bilen äkitdim”. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda kosmos ulgamyny ösdürmekdäki ornuny, hususanda, onuň Türkmenistanda Milli kosmos agentligini döretmek baradaky çözgüdini belläp geçdi. Bu ulgamda hyzmatdaşlygyň uly gorunyň bardygyny belläp, O.Kononenko bilelikdäki ylmy kosmos maksatnamalary durmuş geçirmek babatdaky teklibi bilen çykyş etdi.

Şeýle hem tegelek stoluň mejlisinde Moskwanyň döwlethalkara ganaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) mugallymlary, bilermenler we alymlar çykyş etdiler. Tegelek stoluň çäklerinde Türkmenistanyň taryhyna, häzirki ösüşine bagyşlanan fotosergi gurnaldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi