icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2017

1140

Çeh-Türkmen dostluk jemgyýeti “Dostluk” atly žurnalyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Çeh-Türkmen dostluk jemgyýetiniň başlygy jenap Rene Waşekiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Dostluk” atly žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

         Bu dabaranyň işine paýtagtymyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada jenap Waşek çykyş edip “Dostluk” žurnalynyň ýörite sany bilen tanyşdyrdy we Çeh-Türkmen dostluk jemgyýetiniň işi barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna ygrarlygyny belläp, jenap Waşek “Türkmenistan özüniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda öz kuwwatyny ösdürýär we dünýä derejesinde halkara syýasatynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar” diýip aýtdy.

         Tanyşdyrylyş dabarasynda Çehiýadan professor zenan Iwana Waşkowa hem çykyş etdi we öz ýurdy barada gyzykly gürrüň berdi. Soňra dabara gatnaşyjylar Çehiýaly myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi