icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2017

1476

Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şwed tarapynyň wekiliýetine Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi hanym Ingrid Tersman ýobaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda halkara gün tertibiniň, sebitleýin howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny bellediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Şunlukda halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

ÝB-Türkmenistan formatynyň çäginde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri gepleşikleriň aýratyn bölegi boldy. Türkmen tarapy Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň energetika bölegini täze ýokary derejä çykarmaga çeýe ygrarlylygyny beýan etdi.

Şwesiýanyň wekiliýeti ýurduň Araly halas etmek boýunça gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde amala aşyrylan çäreler barada maglumat berip, suw resurslaryny oýlanşykly peýdalanmak çygrynda gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny belledi.

Ynsanperwer ulgamy barada aýdyp, taraplar sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýillerini beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi