icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 maý 2021

935

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Şöhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi.

Şu nukdaýnazardan, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hususan-da suw hojalygy ulgamyndaky bilelikdäki işleriň aýratynlyklary boýunça öň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi