Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak aýratyn bellenildi.

2021-nji ýylyň ýanwaryndaky Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek ugrunda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny möhüm wakasy boldy. Munuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapy energetikanyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn geňeşmeleriniň işiniň dowam etdirilmegine taýýardygyny belläp geçdi.

Gepleşigiň dowamynda bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada aýdylyp geçildi.