icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 sentýabr 2022

1001

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri  Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda
BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Sebit hem-de dünýä derejelerinde häzirki bar bolan ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlardaky meseleleriň giň toplumy babatyndaky özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinň geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi