Bakuda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img

06/12/2022

206

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow azerbaýjan liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Prezident Ylham Aliýew salamlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna öz salamalaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Prezident Ylham Aliýewiň 2022-nji ýylyň iýunynda Hazarýaka döwletleriniň altynjy Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada saparynyň we saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda geçirilen duşuşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatynda döwlet baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammiti geçiriler, diýip aýtdy. Onuň öňüsyrasynda 13-nji dekabrda 3 sany ugurdaş ministrleriň duşuşyklaryň: daşary işler ministrleriniň, ulag ministrleriniň hem-de energetika ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşyklarynyň geçiriljekdigini nygtady.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň 11-nji dekabryndaAşgabatda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyň geçirilýändigi bellenildi. Türkmen tarapy azerbaýjan tarapynyň ýokary derejede gatnaşmagyna garaşýar.

2021-nji ýylyň ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminamanyň ilerledilmegi üçin degişli hökümetara ylalaşygyny taýýarlamak boýunça işçi toparlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn maslahatlaşmalar dowam etdirilýändigi bellenildi.