icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2022

1493

Türkmenistanyň DIM-nde Gana Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (bolýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomatlar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini çözmekde hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşinin ugurlaryny kesgitlemekde netijeli gural bolup durýan yzygiderli DIM-ara maslahatlaşmalary geçirmek arkaly iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek üçin ilkinji ädim hökmünde Türkmen tarapy Gananyň Ilçisine iki sany resminamanyň taslamalaryny gowşurdy: DIM-ara maslahatlaşmalary geçirmek hakynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky Ähtnama we 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasynyň taslamasy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi