icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2022

1411

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň täze belenilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Katar Döwletiniň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanda bellenmegi bilen türkmen tarapyna gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ministriň orunbasary şu ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy baradaky Karara gol çekendigi barada Ilçä habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Katar Döwletiniň Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň açylşyna halkara düzgünleriniň çäginde zerur bolan ýardamlaryň berilmegine haýyş edip ýüz tutdy.

Taraplar ýokary derejeli saparlaryň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi barada belläp geçdiler.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Hökümetara türkmen-katar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň wajyp ähmiýetini belläp, bu toparyň üçünji mejlisini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmekligi teklip etdi.

Mundan başga-da taraplar bilelikdäki Medeniýet günlerini, konferensiýalary, forumlary, sergileri geçirmegiň zerurdygyny bellediler. Bilim we sport pudagynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi