icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 mart 2023

1772

Türkmen-Awstriýa syýasy maslahatlaşmalar barada

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaranyň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýady bilen bagly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň işjeň alnyp barylýandygyny belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda öňde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli işleriň maksadalaýyk geçriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi