Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

26/03/2023

1130

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň giň alternatiw esasynda Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär.

Saýlawlara gatnaşmagyň işjeňligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda açylan 42 saýlaw uçastoklarynda-da bellendi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda daşary ýurtdaky raýatlarymyzyň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerleşýän döwletiniň ýerli wagty bilen sagat 07: 00-dan 19: 00-a çenli dowam edýär.