icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

29 mart 2023

2782

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler barada

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir hatarda syýasy gatnaşyklaryň giňeldilmegi we olary amaly taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garaldy.  

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň çuň syýasy özara ynama hem-de iki döwletiň baştutanlarynyň ýolgörkeziji strategiki ornuna esaslanýandygyny tassykladylar.

Şu günki günde işjeň ýagdaýda ösdürilýän parlamentara gatnaşyklaryň orny aýratyn bellenildi.  Bu ugur boýunça parlamentara alyş-çalyş gurallaryny doly derejede ulanylmagyň hem-de dostluk toparlarynyň arasynda giňişleýin gün tertibi boýunça dürli derejedäki gepleşikleri geçirmekligiň ýerlikliligi barada aýdyldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça pikir alyşmak, garaýyşlary ylalaşmak hem-de özara gyzyklandyrma bildirýän derwaýys halkara we sebitleýin meseleler boýunça syýasy geňeşmeleri ýygy-ýygydan geçirmek ugrunda çykyş etdiler.  

Iki döwletiň köptaraplaýyn formatynda, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar halkara meýdançalarda başlangyçlaryň we kandidaturalaryň mundan beýläk-de özara goldanylmagy barada ylalaşdylar.   Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň kararnamalarynyň birnäçesiniň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin özbek tarapynda minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň köp sanly halkara we sebitleýin meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi barada pikirdeş boldular.

Sebitleýin derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaý nazaryndan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

 Iki ýurduň arasyndaky kadalaşdyryjy hukuk binýady barada aýdylanda, daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary şertnama-hukuk resminamalarynyň tertipleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny nygtadylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere seredilende, soňky ýyllarda haryt dolanşygynyň barha artdyrylandygy barada kanagatlanma bilen aýdyldy.

Ýurtlaryň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň hem-de özara çäreleriň we duşuşyklaryň sebit derejesinde dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.  Şol bir wagtyň özünde serhede ýakyn söwda mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagynyň ýerlikliligi beýan edildi.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek bilelikdäki Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi barada aýdylanda, taraplar ulag-kommunikasiýa, nebitgaz, himiýa we elektroenergetika pudaklary hem-de oba hojalygy we suw serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerledilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.  

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi iki doganlyk ýurduň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýandygyna aýratyn üns çekildi.  Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geljekde dürli derejelerde geçiriljek bilelikdäki çäreleriň we duşuşyklaryň senelerine seretdiler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi