icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 awgust 2017

1249

Türkmenistanyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalary-Ginnesiň rekordlar kitabynda

 «Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi.

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girmezinden öň göwrümlerini bellige almak maksady bilen geçirilen ölçeglere görä, bedewiň çeper şekiliniň beýikligi - 40,05 metr ( 131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy - 37,69 metr (123 fut 7,9 dýuým) we ini - 40,24 metr (123 fut 0,6 dýuým) bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen türkmenlerde däp bolan gorag ýüzärlik otunyň dessesi şekilinde taýýarlanylan Aziýa oýunlarynyň alawynyň çanagy ahalteke bedewiniň çeper keşbi bilen bilelikde beýgelip dur. Ahalteke bedewiniň boýnuny we ýüzärlik alawyny bezäp düran alaja hem gözmonjugyň, goragyň tumarynyň wezipesini ýerine ýetirýär.

Dünýäde iň uly üsti ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi ikinji şahadatnama eýe boldy.

Bu suw toplumynda sportyň suwda ýüzmek we suwa bökmek görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara bir wagtda 5 müň adam tomaşa edip biler. Suw toplumynyň diwarlarynda dürli meýdanly dört howuz ýerleşdirilendir. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde geçiren ölçeglerine laýyklykda, toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 müň 976,65 kwadrat metre (53 568 inedördül fut) barabar boldy.

Täze suw toplumynyň düzümine sport terapiýa meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, türgenler üçin egin-eşik çalşylýan we dynç alynýan otaglar, ilkinji lukmançylyk kömek nokady girýär.

Bu waka mynasybetli 21-nji awgustda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň edara binasynda Türkmenistanyň hökümetiniň agzalarynyň, ençeme ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet wekilleriniň, paýtagtymyzyň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti V Aziýa oýunlarynyň ýakynlaşdygy saýy, paýtagtymyzyň we Olimpiýa şäherçesiniň bu uly waka degişli taýýarlygyna uly üns berip, onuň desgalaryny gözden geçirýär. Bu bolsa çäräniň ýokary derejesini ýene-de bir gezek artdyrýar, onuň üstünlikli geçirilmegi bilen biziň ýurdumyz dünýäniň sport döwletleriniň hataryna girer, wagtyň geçmegi bilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hem dalaş edip biler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi