icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 awgust 2017

868

Abu-Dabide türkmen-emirlikler ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi

 2017-nji ýylyň 21-nji awgustynda ikitaraplaýyn syýasy                        geňeşmeleriň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Abu-Dabi şäherine geldi. Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň hukuk meseleleri boýunça orunbasary Ahmad Abed Al Rahman Al Jarman baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşiniň barşyny uly dykgatlylyk bilen seljerdiler.

BAE tarapy Türkmenistan bilen aragatnaşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem öz çözgütleri bilen  iki döwletiň hem ykdysadyýetiniň we bäsdeşlik ukybynyň ösmegine itergi berýän Türkmen-Emirlikler bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwdanyň oňyn ösüşini belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmegiň meselelerine garadylar.

Türkmen tarapy Birleşen Arap Emirlikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş nusgasyny üns bilen synlaýandygyny aýdyp, ýurduň sebitde söwdanyň merkezine, sebitleýin we halkara kompaniýalaryň maýa goýum goýmak üçin ygtybarly ýerine we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň sebit merkezine öwrülendigini belledi.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän sebitleýin we halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-nda we onuň ýöriteleşdirilen agentliklerinde  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny tassykladylar.

Emiratlar tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatyny we BMG-niň degişli kararnamalary bilen berkidilen energetika, ulag we howpsuzlyk ugurlaryndaky önjeýli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

22-nji awgustda saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri, EXPO-2020 Bütindünýä sergisiniň dolandyryjy direktory hanym Rim Ibrahym Al Haşimi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi