icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 awgust 2017

878

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana resmi sapary

2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda resmi sapar bilen geldi.

Ýerewanyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli türkmen myhmanyny Ermenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň  kabulhanasy bolan döwrebap  “Radisson Blu” myhmanhanasyna geldi.

24-nji awgustda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobil kerweni “Radisson Blu” myhmanhanasyndan Ermenistanyň Prezidentiniň kabulhanasyna geldi.

Resmi garşylanyş dabarasyndan we döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşürilişikden soňra, Prezidentler Serž Sargsýan we Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli ikiçäk gepleşikleriň geçirilýän “Ojak” zalyna bardylar.

Ikiçäk duşuşykdan soňra ýokary derejeli türkmen-ermeni gepleşikleri hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin  düzümde dowam etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara terrorçylygy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetara jenaýatçylyk ýaly häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy ýygjam hyzmatdaşlyk etmek boýunça taýýardyklaryny tassykladylar. Türkmen Lideri gepleşikleriň dowamynda taraplaryň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda  bilelikde hereket etmek boýunça özara pikirleriň halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine gabat gelýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň taýýardygy bellenildi.

Energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, oba hojalygy toplumynda, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm mümkinçilikleri bellenildi.

Hökümet wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki gepleşikleri tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki ýurduň Prezidentleri Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; 2018-2020-nji ýyllarda medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Maksatnama;  Türkmenistanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda  2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Maksatnama; Maliýe-barlag maglumatlary boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndakyYlalaşyga, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli Agrar uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiki mekdebiniň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bu gezekki duşuşygyň söwda-ykdysady ulgamda hil taýdan täze we has ygtybarly hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkidendigini aýratyn belledi. Şeýle hem gepleşiklerde medeni-ynsanperwer ulgamynda we iki ýurduň has ýygjam hereket etmegine goldaw berýän baglaşylan ylalaşyklara, baý medeni-taryhy gymmatlyklary öwrenmäge, Türkmenistan bilen Ermenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik hyzmatdaşlygyny ýerine ýetirmäge şertleri döretmek boýunça gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýany 17-nji sentýabrda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyş dabarasyna gatnaşmaklyk üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagyna baryp gördi we ermeni parlamentiniň ýolbaşçysy Ara Babloýan bilen gepleşikleri geçirdi. Türkmen- ermeni hyzmatdaşlygynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm düzüjidigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýokary kanunçylyk edarasynyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri häzirki taryhy döwürde iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Agşam Ermenistanyň Prezidentiniň kabulhanasynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Resmi agşamlyk nahary tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýerewan şäheriniň halkara howa menziline baryp şol ýerden Watanymyza ugrady.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi