Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, «Uzawtosanoat»PJ-niň dolandyryşynyň Başlygy jenap Ulugbek Rozukulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada netijeli gepleşikler boldy. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlary aýdyň mysal bolup durýan, gatnaşyklaryň strategiki ähmiýetini belläp, taraplar syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň himiki senagatyň, oba hojalygyň we ulagyň ugurrlarynda gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalary bellenildi.

Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikirleri alyşyp, taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.