icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

11 noýabr 2016

1003

Brýusselde «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 9-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Hyzmatdaşlyk we söwda Ylalaşygynyň çarçuwasyndaky «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Brýussel şäherinde iş sapary bilen boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy jenap Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Başga-da maslahata Daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugynyň, söwda, yalkara hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça baş departamentleriniň wekilleri hem-de Merkezi Azioýa ýurtlary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekiliniň edarasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan hem, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, Türkmenistanda konstitusiýa we durmuş özgertmeleri, ÝB-niň tehniki taslamalarynyň we maksatnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilmegi, energetika taslamalary, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň mümkinçilikleri, ÝB-niň howpsuzlyk ulgamyndaky «KADAP» we «BOMKA» taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra taraplar, «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň 2017-nji ýyldaky nobatdaky 17-nji mejlisini Aşgabatda geçirmegi ylalaşdylar.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi