icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

26 noýabr 2016

1452

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-nyň Baş Sekretary Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.

  Döwlet baştutany halkara maslahatyň işine gatnaşýandygy üçin jenap Pan Gi Muna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň howandarlygynda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen maslahatyň sebit we dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

  Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak hem-de giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, sebit we dünýä howpsuzlygy, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen bagly döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Baştutanyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, aýratyn-da, türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu merkeziň Aşgabatda ýerleşdirilmegini biz bitarap döwlete bildirilýän uly ynamyň we hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň  goňşy Owganystanyň asuda ösmegine hem-de durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge goşýan goşandynyň möhümdigi bellenildi, bu öz nobatynda tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

  Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap U. Hunbo hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi jenap Miroslaw Ýença gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi