icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 fewral 2024

725

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, energiýa, ulag çygrynda özara ýakyn gatnaşyklaryna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda ösýändigini bellediler.

Şol bir wagtyň özünde, duşuşyga gatnaşyjylar ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň ösüş häsiýetini we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, Türkmenistanda 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň esasy sebäbine öwrülendigini belläp geçdi.

Taraplar beýik ýazyjynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we munuň özi ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmeginiň has hem berkejekdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi