icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2024

1179

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Buharestde okaýan türkmen talyplary bilen möhüm döwlet mejlisleriniň jemleri boýunça duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiň netijesinde döwletiň üstünlikleri we  ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyrmak üçin Buharestiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen diplomatlary öz çykyşlarynda 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” kesgitlenen ileri tutulýan meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi barada habar berdiler.

Şeýle hem, ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn bellenip geçildi.

Talyplar hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa türkmen ýaşlary hakynda ýadawsyz aladasy we berýän ünsi, aýallaryň kanuny bähbitlerini goramak üçin döredilen şertleri güýçlendirmek, maşgalanyň goragy, jebisligi we bähbitleri üçin,  şeýle hem geljekki ýaş nesiller üçin parahatçylyk, abadançylyk üçin döredip beren  şertleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi