icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 aprel 2024

1285

Hazarýaka döwletleriniň Baş prokuratura edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary R.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň prokuratura edaralarynyň wekilleriniň “Hazar deňzindäki ekologiýa howplary we onuň akwatoriýasyndaky hukuk bozulmalar: prokuratura edaralarynyň deňiz gurşawyny goramak strategiýalary” atly bäş taraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda Hazar deňzindäki biologik serişdeleriniň azalmagy, deňiziň hapalanmagy, deňiz derejesiniň peselmegi, howanyň üýtgemegi we deňiz ekoulgamlarynyň zaýalanmagy bilen baglanyşykly ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, deňiziň biologik serişdelerini dikeltmäge we artdyrmaga gönükdirilen çäreler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistan Baş prokurorynyň orunbasary R.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynyň Baş prokurory K.Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen tarapy ýer eýelerine bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda iki doganlyk ýurduň prokuratura edaralarynyň bar bolan hyzmatdaşlyga hemişe uly ähmiýet berýändikleri we bu gatnaşyklary  mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýratyn bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi