Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin  Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Horii Manabu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň giň ugurlara gönükdirilen netijeli  hyzmatdaşlygynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şoňa görä-de, iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň orny bellenildi. Taraplar syýasy-diplomatiki, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde energetika ulgamynda  ähli gyzyklanýan döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda ýurduň özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryny belläp,  taraplar, bu ugurda geljekde bilelikde hereket etmegi birleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylarr.

Mundan başga-da, taraplar, gatnaşyklary täze hil derejesine çykarmak üçin söwda-ykdysady ulgamynda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda medeni-ynsanperwer ulgamy hem görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meselelerine seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler we dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary goldamagyň möhümdigini nygtadylar.