TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 18-nji fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.