icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2019

206

Buharestde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde 2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde “Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” ady bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çärä Buharestde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, döwlet kompaniýalarynyň, rumyn işewürlik-birleşikleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, rumyn ýokary okuw mekdepleriniň, ýerli jemgyýetçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşlarynda oňa gatnaşyjylar mundan beýläk hem sebitde gülläp ösüşiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýän birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegini makulladylar we ulag hem-de energetika ulgamlarynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi