Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stoluny gurady

 Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.

 Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyjyny Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde öňe sürendigini bellediler. Çäräniň dowamynda tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanyşyny höweslendirmegiň guralyny işläp taýýarlamak bilen birlikde özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak işinde Hazaryň jebisleşdiriji şertleriniň ulanylmagynyň forumyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygy bellenilip geçildi.