Bişkekde “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoly geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi.

Tegelek stoluň işine Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Prezidenti Danil Ibraýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Dastan Kadyrow, Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Ž.Sagynbaýew, Bişkek şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, maliýe-ykdysady we maýa goýum edaralarynyň bilermenleri, işewürler, alymlar, habar beriş serişdesiniň wekilleri, şeýle-de Gyrgyz Respublikasynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy bilen geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň sebit we halkara söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny giňeltmekdäki eýeleýän wajyp ornuny belläp, bu forumyň türkmen-gyrgyz işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin örän amatly meýdança boljakdygyny nygtap geçdiler. Şeýle-de, milli Liderimiziň alyp barýan parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin döredilýän mümkinçilikler hem-de türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada gürrüň edildi.