icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 fewral 2020

982

SÖWEŞ SUNGATLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARYNYŇ KOMITETI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE GYZYKLANMA BILDIRDI

2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlaryny geçirmek arkaly bu oýunlaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

2019-njy ýylda Koreýa Respublikasynyň Çhunju şäherinde geçirilen Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynda türkmen ýygyndy toparynyň birinji ýeri eýeländigi barada bellenildi. Myhmanlar soňky ýyllarda iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän merkezi bolup durýan, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirip, Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň wekiliýeti geljekde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlaryny Türkmenistanda geçirmek boýunça teklibe seretdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi