Ahalteke atçylygynyň inçe tärleri

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýändir. 

Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Ahalteke bedewleri seýislemek sungatyny UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlamak işi dowam edýär.