icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
Baş sahypa / TÜRKMENISTAN ÝUNESCO / ...

Türkmenistanyň milli halyçylygy

Türkmen halysy – türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir.  Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Bu senetçiligiň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.   

Mälim bolşy ýaly, milli halyçylyk ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ilatynyň medeni özboluşlylygynyň görkezijisi hökmünde orun eýeleýär.  Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.  

         ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň kararynda “Milli türkmen halyçylyk sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ulanylýar we haly önümleri ýurduň ähli ýerlerine ýetirilýär, bu bolsa durmuş taýdan barabarlyk we dowamatlylyk duýgusyny döredip jemgyýetleri birleşdirýär we bu önümiň daşynda kybapdaşlyk duýgusyny emele getirýär.  Bu tejribe we onuň bilen bagly zatlar türkmen halkynyň durmuş we medeni ýaşaýşynyň bir bölegi bolup, ykdysady durmuşyň dowam etdirilmegine goşant goşýar.  Iş ýüzündäki ulanylyşyndan başga Türkmenistanda halyçylyk maşgala we jemgyýet däp-dessurlarynda, durmuş tejriberinde we baýramçylyk çärelerinde aýratyn orny eýeleýär”.

         Şu ýylyň mart aýynda “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnamanyň asyl nusgasy Türkmenistana gelip gowuşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi