icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

15 iýul 2022

4055

Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki Beýannamasy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary boldy.

Iki döwletiň Liderleri häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Ýokary derejede ýola goýlan bu ynanyşmak gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna, mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryna mahsus bolan dostluk, özara düşünişmek, açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumy boýunça düýpli hem-de netijeli gepleşikleri geçirdiler, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamanyň hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamanyň düzgünlerini goldanyp,

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli hem-de ynanyşykly häsiýetiniň iki doganlyk döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynam bildirip,

halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we düzgünlerine, şol sanda birek-biregiň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini, serhetleriniň bozulmazlygyny, içerki işlerine gatyşmazlygy, deňhukuklylygy hem-de özara bähbitleri hormatlamak ýörelgelerine berk eýerýändiklerini beýan edip,

türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda, doly durmuşa geçirmegi üpjün etmäge çalşyp,

şu aşakdakylary beýan edýärler:

1. Döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny doganlyk türkmen we özbek halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara goldaw bermek gatnaşyklarynyň ruhunda hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga tarap uzak möhletli ugruň mizemezdigini tassykladylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ählumumy gülläp ösüşi gazanmaga hyzmat etjekdigi barada bir pikir beýan edildi.

2. Prezidentler ýokary we iň ýokary derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň, iki döwletiň daşary syýasy işini utgaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman howplaryna we wehimlerine bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

3. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitde dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmekde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenbaşy şäherindäki ýokary derejedäki sammitden soňra geçirilen işiň netijelerine seretmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň möhümdigi bellenildi.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga gurama başlyklyk edýän Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

5. Taraplar milli bähbitleri hasaba almak bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde taryhyň, diliň, medeniýetiň we däp-dessurlaryň umumylygyna esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny bellediler

6. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar hem-de parlamentara gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisinde hereket edýän hyzmatdaşlyk boýunça parlament toparlarynyň gatnaşygyny işjeňleşdirmegiň möhüm ornuny tassykladylar.

Özbek tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň birinji Parlamentara forumynyň 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilendigine ýokary baha berdi. Türkmen tarapy 2022-nji ýylda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň birinji sebit parlament forumyny guramakda we geçirmekde Özbegistana hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

7. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gender deňligini goldamaga we jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, adam mümkinçiligini doly amala aşyrmakda esasy orny eýeleýän zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge eýerýändiklerini tassykladylar. Özbek tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilmegi bilen türkmen tarapyny gutlady.

8. Iş ýüzünde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga iki tarapyň hem çalyşýandygyndan ugur alyp, Prezidentler söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde utgaşdyryjy edara hökmünde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň ornuny güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

9. Prezidentler 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana bolan saparynyň jemleri boýunça gol çekilen şertnamalary, söwda ylalaşyklaryny hem-de senagat kooperasiýasynyň taslamalaryny doly durmuşa geçirmegi üpjün etmegiň möhümdigini bellediler. Döwletleriň Baştutanlary agrosenagat toplumynyň, awtomobil gurluşyk we ýeňil senagat, ulag we aragatnaşyk kärhanalarynyň önümçilik kooperasiýasyny giňeltmegiň, iki ýurduň kompaniýalaryny Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinde iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge çekmegiň täze iş orunlaryny döretmäge, pudaklaryň derejesinde kooperasion gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigini, doganlyk türkmen we özbek halklarynyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň maksatlaryna hyzmat etjekdigini beýan etdiler.

10. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek boýunça işleriň çalt tamamlanmalydygyny aýtdylar, bu merkez özara söwdanyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga kömek eder.

11. Döwletleriň Baştutanlary özara söwdanyň möçberlerini sazlaşykly artdyrmaga, onuň görnüşlerini goşulan bahasy ýokary önümleriň hasabyna giňeltmäge işleriň gönükdirilmelidigini tassykladylar. Şeýle hem taraplar eksport-import amallaryny goldamagyň usullaryny işjeň ösdürmek, şonuň ýaly-da, hemişelik esasda işewürler maslahatlaryny we senagt önümleriniň milli sergilerini geçirmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtadylar.

12. Prezidentler iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler. Taraplar Buhara şäherinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumynyň geçirilmegini makulladylar we onuň netijelerine ýokary baha berdiler. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda wekiliýetleri alyşmak tejribesini mundan beýläk-de giňeltmegiň we bu işe Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ähli sebitlerini çekmegiň tarapdary bolup çykyş etdiler.

13. Prezidentler ulag ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini amala aşyrmakda, ýurtlaryň we sebitleriň arasynda özara söwdany ösdürmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Iki ýurduň çäkleriniň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletleriň Baştutanlary daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda nyrhlary mundan beýläk-de ýeňilleşdirmäge hem-de amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny ýene-de tassykladylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinde ýükleri getirmegi we alyp gitmegi ýeňilleşdirmek maksady bilen, çeýe nyrh syýasatyny alyp barmagyň, ýükleri daşamak, maglumatlary sanly görnüşde alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň gümrük we beýleki edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň başga görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Hökümetlerine iki ýurduň arasynda awtobus hem-de demir ýol gatnawlaryny ösdürmek, şeýle hem göni howa gatnawlaryny dikeltmek meselesini öwrenmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdylar, munuň özi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýük we ýolagçy akymlaryny artdyrmaga ýardam berer.

14. Iki ýurduň Prezidentleri medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Ylym we tehnika, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin özleriniň taryhy jogapkärçiligine düşünmek bilen, Liderler ene dilini, medeniýeti, däp-dessurlary we adatlary ösdürmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleri döretmegiň, nusgawy edebiýat wekilleriniň hem-de häzirki zaman awtorlarynyň eserlerini terjime etmegi goldamagyň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerini yzygiderli esasda geçirmek, ylmy edaralaryň, çeperçilik we teatr toparlarynyň arasynda alyşmalary mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar iki ýurduň ýaşlaryny goldamaga, şol sanda olary jemgyýetiň bähbitleri üçin ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge, olaryň hukuklaryny goramaga hem-de zehinlerini we höweslerini goldamaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirerler. Türkmen tarapy 2022-nji ýylyň 18 — 20-nji maýynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa Ýaşlar forumynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady.

15. Prezidentler syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler.

16. Döwletleriň Baştutanlary Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ýerinde bellemek meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň işine ýokary baha berdiler. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky Döwlet serhediniň doganlyk ýurtlaryň we halklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup galmagy üçin mundan beýläk-de çäreleri görmegi maksat edinýärler.

17. Prezidentler Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň işine ýokary baha berdiler hem-de toparyň 2022-nji ýylyň 1-2-nji iýulynda Daşoguz şäherinde geçirilen ikinji mejlisiniň jemlerini makulladylar.

Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini adalatly we rejeli peýdalanmak babatda netijeli gepleşikleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi. Döwletleriň Baştutanlary Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak barada iki ýurduň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilmegini makulladylar.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Aral heläkçiliginiň täsirine düşýän etraplary ekologik taýdan sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen ekologik hem-de ylmy-tehniki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemmetaraplaýyn esas hökmünde garaýar. Taraplar bu işe hemmetaraplaýyn ýardam bermek bilen, şeýle çemeleşmä Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegini gazanmagyň möhüm bölegi hökmünde garaýarlar.

18. Taraplar howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy ýagdaýlaryň täsirini azaltmak boýunça iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeginiň, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylykly hadysalaryň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak hem-de olary ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň dowamynda Özbegistanyň öňe süren «Merkezi Aziýa üçin «ýaşyl» gün tertip» sebit maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

19. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek, şol sanda lukmançylyk we derman önümlerini öndürmek hem-de ibermek, lukmançylyk işgärlerini okatmak we bilelikde ylmy barlaglary geçirmek babatda kooperasiýany ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

20. Prezidentler Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga, ony asuda hem-de gülläp ösýän ýurda öwürmäge, şu meselede owgan halkynyň saýlap alan, öz döwletiniň syýasy we durmuş-ykdysady ösüş ýoluny hormatlap, mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar bu ýurt bilen söwda-ykdysady, ulag-logistiki we energetiki gatnaşyklary ösdürmegiň, üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunyň bolmagynda Owganystanyň halkyna hemmetaraplaýyn halkara ynsanperwerlik kömegini bermegiň zerurdygyny bellediler.

21. Döwletleriň Baştutanlary Merkezi we Günorta Aziýanyň özara baglanyşygyny ösdürmegiň, bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň möhümdigini tassykladylar, bu bolsa olaryň söwda-ykdysady we medeni ösüşini has doly durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açar, iki sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny pugtalandyrar.

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Özbegistanyň başlangyjy boýunça dünýäniň strategik taýdan iki sany möhüm sebitiniň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen «Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmak» atly Kararnamany kabul etmegi bilen özbek tarapyny gutlady.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamak meseleleriniň özara baglydygyna we bölünmezdigine düşünmek bilen, «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyna goldaw bildirip, bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin esas hökmünde garaýarlar.

22. Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler.

23. Prezidentler Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de forumlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy we özara goldawy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Taraplar dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ählumumy we sebit meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny tassykladylar.

24. Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasyny kabul etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjynyň möhümdigini bellediler.

25. Döwletleriň Baştutanlary saparyň dowamynda geçirilen netijeli gepleşikleriň, şeýle hem gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetini mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ähli özbek halkyna minnetdarlyk bildirdi we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti                     Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow                        Şawkat Mirziýoýew

Daşkent şäheri, 2022-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi