icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 mart 2023

1924

Londonda Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen bagly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölümi bolan «Galkynyş» adyndaky birleşiginiň wekilleriniň, agzalan döwletiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplarynyň we London şäherinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň  gatnaşmaklarynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, bitaraplyk syýasaty we halkara gatnaşyklarynda öňe sürülýän döwrebap başlangyçlar hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlyklar hakynda maglumatlary belledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda hereket etjek, Ahal welaýatynyň täze häzirki zaman dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem, batly depginler bilen gurulýan desgalar we binalar, döredilýän döwrebap durmuş şertler we ornaşdyrylýan tehnologiýalar barada, şeýle-de ekologik taýdan arassa ulag serişdelerine degişli foto we wideo şekilleri bilen bilelikde maglumatlar ýetirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi