Hronika

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Permany bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň  Rumyniýadaky (Buharest ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hem-de Türkmenistanyň  Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Karary bilen, Çary Geldiýewiç Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesinden boşadyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Permany bilen, Çary Geldiýewiç Nyýazow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň  Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Ilçisi, Hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-täjik toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky Permany bilen, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Hemişelik wekili Atageldi Baýjanowiç Haljanow şol bir wagtda Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy