Hronika

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni  hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky Permany bilen, Şalar Geldinazarow Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky Permany bilen, Şalar Geldinazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Permany bilen, Nurberdi Amanmyradow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň  Ukrainadaky (Kiýew ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we Türkmenistanyň  Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Dowamy