
Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň Premýeri bilen bolan duşuşyk
2023-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň premýeri (häkimi) Datuk Tan Sri Abang Johari Opengiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi “akylly” Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy. Taraplar geljekde iki ýurduň welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň m...
Dowamy
Türkmen-saud medeni gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew bilen Saud Arabystanynyň medeniýet ministriniň orunbasary Fahad Abdulrahman Alkanaanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat pudaklarynda ikitaraplaýyn türkmen-saud gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça meseleler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Dowamy
“Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly desga ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde (ii), (iii) we (v) kriteriýalara laýyklykda, Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly desgasyny goşmak kararyna gelindi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Täjigista...
Dowamy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmat...
Dowamy
Er-Riýadda türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça pikir alşyldy
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan gatnaşyklary ber...
Dowamy
Türkmenistanyň ilçisiniň Pakistanyň Hökümetinde geçiren duşuşyklary
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministriniň w.ýe.ýe. Anwaar-ul Hak Kakar bilen duşuşdy. Pakistan tarapy Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty bilen tanyşdyryldy we bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygy üçin Pakistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi. Anwaar-ul Hak Kakar, öz gezeginde, iki ýurduň arasynda söwda, energetika we ykdysady gatnaş...
Dowamy
Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Seulda “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariaty, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalary bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan tegelek stol gurnady. Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda syýaha...
Dowamy