icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 oktýabr 2018

1091

Beýik Britaniýanyň Medeniýet, habar beriş serişdeleri we sport meseleleri boýunça ministriň parlament orunbasary Lord Genri Eşton bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport meseleleri boýunça ministriň parlament orunbasary Lord Genri Eştonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Lord Genri Eşton gyzgyn garşylandygy we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

Halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň wajyp roluny bellemek bilen, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň indiki ädimlerine seredip geçdiler. Şeýle-de taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümligi barada pikir alyşdylar hem-de syýasy geňeşmeleri geçirmekligiň dowam edilmegi barada aýtdylar.

Şeýle-de duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Beýik Britaniýanyň «BG Group», «Shell»,  «Buried Hill (Serdar) Ltd» we «BP» ýaly energetika boýunça öňdebaryjy kompaniýalary bilen alnyp barylýan öňdürijilikli işleri belläp geçdi.

Medeniýet we bilim pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyplygyny aýdyp, taraplar iňlis dilini öwrenmegiň mehanizmini işjeňleşdirmek boýunça ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler. Şeýle-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi