icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 noýabr 2018

930

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynda iş saparynda boldy

2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Owgan wekiliýetine Daşary işler ministri Salahuddin Rabbani ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň kanagtlanarlydygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitdäki ägirt uly taslamalara, hususan-da TOPH gaz geçirijisine we TOP elektrik geçirijisine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň 7-nji mejlisiniň geçirlendigini belläp, bu mejlisiň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem has kämilleşdirmekde ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Soňra iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan Iş toparynyň nobatdaky 5-nji mejlisi geçirildi we onda möhüm bolan meseleler, şol sanda serhetýaka sebitlerde alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Mejlisiň ahyrynda iki ýurduň Daşary işler ministrleri teswirnama gol çekdiler.

Mundan başga-da iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi