icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2018

889

Aşgabatda CAREC-iň 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) boýunça 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi.

Maslahat öz işini «Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygygyň söwda babatynda täze goşulyşan gün tertibi 2030 (SBGGTŞ) we CAREC 2030» temasy boýunça tegelek stol görnüşindäki gepleşikleriň çäginde dowam etdi. CAREC-ň agza ýurtlarynyň ministrleri we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary çykyş etmek bilen CAREC 2030, SBGGTŞ 2030 we 2018-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň strategik üýtgeýän meýilnamasy babatda pikirlerini beýan etdiler.

Soňra ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýalaşdyrmagyň meseleleri boýunça panel maslahatlaşmalary geçirildi. Bu sessiýanyň çäginde CAREC ýurtlarynda eksportyň diwersifikasiýasyna ugurlar we çemeleşmeler we CAREC-ň bu işi goldamakdaky orny ara alnyp malsahatlaşyldy.

Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 17-nji Ministrler maslahatyny jemlemek bilen, wekiliýet ýolbaşçylary Ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi