icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 noýabr 2018

793

Aşgabatda ÝHHG-niň MAÝK-niň öňdebaryjy neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (MAÝK) dürli jemgyýetleriň integrasiýasy babatynda Lýublýana teklipleri boýunça  neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi.

Bu çäräniň işine ÝHHG-niň MAÝK-niň wekiliýet agzalary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli institutlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stolunyň ýaşynda çykyş etmek bilen ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary j-p Lamberto Zanýer azlyklaryň meselelerine çemeleşme we olaryň integrasiýasy, hukuklary we azatlyklary babatda jikme-jik beýan etdi.

Soňra ÝHHG-niň wekilleri çykyş edip, ÝHHG-niň MAÝK-niň tematiki tekliplerini, integrasiýanyň elementlary we köpdürli jemgyýetleriň integrasiýasy çygrynda syýasaty, azlyklaryň meseleleri babatyndaky çemeleşmelerini düşündirdiler.

Tegelek stolunyň dowamynda gelinen netijeleriň esasynda, gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurdaky oňyn tejribesiniň bardygyny bellediler we azlyklaryň meseleleri boýunça sebitleýin geňeşmeleriniň döredilmegi tekilibini goldaýandyklaryny aýtdylar. Mundan başga-da geljekde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurlygyny belläp, gepleşiklere gatnaşyjylar köpdürli jemgyýetleriň integrasiýasy meseleleri boýunça ylmy agtaryşlary geçirmekde we tejribe alyşmakda gyzyklanmalarynyň bardygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi