Tähran şäherinde türkmen-eýran syýasy geňeşmeleri we Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

 Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekilip bu ugurdaky meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

2019-njy ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi. Eýran tarapynyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Panahi Azar ýolbaşçylyk etdi.

 Duşuşygyň barşynda taraplar geçen ýylyň martynda geçirilen Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de gelejekde amala aşyrylmaly işler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 Hususan-da, konsullyk meseleleriniň hukuk jähtlerini kämilleşdirmek ulgamynda iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda özara hereketleri we maglumat alyş gurallaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem serhet we gümrük gözegçilik-geçiş nokatlarynda netijeli dolandyryşy sazlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere seredildi. Mejlisiň netijeleri boýunça jemleýji ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif tarapyndan hem kabul edildi.