icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 fewral 2019

902

Aşgabatda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi

2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Media-forumyň başynda oňa gatnaşyjylara Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine hem-de mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo-rolik görkezildi hem-de Birinji Hazar ykdysady forumy üçin ýörite işlenilip düzülen resmi web-saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Media-forumyň dowamynda “Hazar deňziniň energetika we ulag ulgamlarynyň ykdysady ösüşi”, “Hazar deňziniň syýahatçylyk hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy” atly plenar mejlisleri geçirildi. Oňa  gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň diňe bir Türkmenistan üçin däl-de, eýsem tutuş sebit üçin uly ähmiýetini hem-de bu çäräniň geçirilmeginiň Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek prosesiniň möhüm bölegine öwrülýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Media-foruma gatnaşan Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekillerine Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşmaga hem-de muzeýlerine baryp görmäge hem mümkinçilikler döredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi