icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 fewral 2019

1251

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk duşuşygy boldy

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Baştutanlary halkara we sebitdäki derwaýys meselelere, şol sanda Owganystanda parahatçylygy gazanmak üçin Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň orny we geljegi, şeýle hem türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary ýagny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirjileri hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki–Hamýap–Garkyn elektrik geçiriji ulgamy taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn mümkinçiliklerini
hem-de gurlan Kerki-Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy geljekde Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda söwda-ykdysady, senagat, ulag, gümrük hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk babatda ondan gowrak resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalaryň içinde aýratyn hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny hem-de Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany görkezmek bolar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi