2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bu iri taslamanyň ähmiýeti, onuň ýerli we sebit derejesindäki orny barada söhbetdeş boldy. Hususan-da, Döwlet Baştutany Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan suw diplomatiýasy ulgamynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Altyn Asyr” kölüniň gurluşygynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdi.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda ýerli, sebit we dünýä derejelerinde suw baýlyklarynyň deňhukukly ulanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Muňa durmuşa geçirilýän halkara ylalaşyklary, aýratyn hem Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllar üçin Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde alnyp barylýan netijeli işleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.
Türkmenistanyň bu ugurda işleýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi hem bellärliklidir. Şeýlelelikde suw baýlyklarynyň netijeli dolandyrylyşy Birleşen Milletler Guramasy bilen, aýratyn-da Türkmenistan tarapyndan yzygiderli ýagdaýda milli ösüş maksatnamalarynyň işlenilip düzülmeginde öz beýanyny tapýan Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýrylmaz düzüm bölekleriniň biri bolup durýandyr.
Şeýle hem saparyň dowamynda “Altyn Asyr” kölüniň sebitiniň özleşdirilmegi boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasy Döwlet Baştutanyň dykgatyna ýetirildi. Resminamada Türkmen kölüniň suwunyň netijeli ulanylyşy, şol sanda ýanyşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen birlikde bu sebitde adamlaryň ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ählisiniň döredilmegi boýunça çäreleriň jikme-jik beýan edilýär. Hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda bu sebitiň biodürlüligini we ekologik ýagdaýyny ýokarlandyrylmagy boýunça işler durmuşa geçiriler.
Döwlet Baştutany bu ýerde geljekde ýaşajak, Watanymyzyň bähbidi üçin zähmet çekjek sebitiň ýaşaýjylary üçin zerur bolan şertleriň ählisiniň döredilmegi we ösdürilmegi boýunça degişli görkezmeleri berdi.