icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2019

863

Aşgabatda Stambul prosesiniň Ynamy berkitmek çäreleri boýunça tehniki toparynyň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň “Sebit infrastrukturalary” Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, şeýle hem sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň wekilleri hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde sebitleýin infrastrukturalary boýunça hasabatlaryny berdiler.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly, syýasy taýdan kadalaşdyrylmagy ýörelgelerine berk eýerýändigini nygtady. Ol şeýle hem nobatdaky bu duşuşygyň Owganystanda howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegiň çäklerinde biziň maksatlarymyzyň we wezipelerimiziň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň oňyn itergisi bolup çykyş etjekdigine ynam bildirdi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd öz çykyşynda: «Biz bu gün bu ýerde Ynamy berkitmek çäreleriniň gyzyklanma bildirýän taraplarynyň ählisi tarapyndan durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin toplandyk. Bar bolan we meýilleşdirilýän infrastruktura taslamalary boýunça durnukly gatnaşygyň saklanylmagy üçin ÝHHG özüniň giň gerimli howpsuzlyk gurallaryny ulanmaga, şeýle hem Ynamy berkitmek çärelerine degişli bolan infrastrukturalaryň howpsuzlygy we täze söwda hem-de ulag ýollary boýunça söwda ýardam berilmek ýaly meseleler boýunça gepleşiklere kömek bermäge taýýardyr» diýip belledi.  

Duşuşyga gatnaşyjylar «Aziýanyň Ýüregi» sebitiniň sosial-ykdysady durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň ösdürilmegi we mundan beýläk hem gülläp ösmegi maksady bilen sebitde dürli görnüşli iri göwrümli we ýerli ykdysady taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp geçdiler. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň we maýa goýum şertleriniň esasynda energetika ulgamynda infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmeginde halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň ähmiýeti hem nygtalyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi