icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 mart 2019

591

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetindäki duşuşygy

2019-njy ýylyň 3-9-njy marty aralygynda düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instutynyň prorektorlary bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Gazna biržasynyň, Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Pekin şäherindäki brokerlik hyzmatlary boýunça konsalting kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşuklary geçirdiler.

Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda Ilçihananyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy hakyndaky maglumatlar we çäräniň konsepsiýasy, energetika we ykdysadyýetiň hem-de energogöterijileriniň eksport ugurlarynyň  diwersifikasiýasy ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Taraplar şeýle-de türkmen talyplarynyň bu ýokary okuw mekdebinde bolmaklary we okuwlary bilen bagly bolan meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Rektor, professor Wan Dzýaçiong ikitaraplaýyn maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyklaryny belläp geçdi. Hytaý tarapy Türkmenistanyň halk hojalygy üçin taýýarlygyň ähli derejeleri boýunça talyplaryň talyp haklary bilen üpjün edilmegi babatynda hem özüniň taýýarlygyny mälim etdi.

Ady agzalan ýokary okuw mekdebine baryp görmegiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti uniwersitetiň professor-mugallymlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň dürli mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar we uniwersitetde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi