icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 mart 2019

917

Türkmenistanyň DIM-de «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» bäsleşiginiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen  «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde uly goşant goşmaga mümkinçiligi bolan Türkmenistanyň ýaşlarynyň aýratyn orny bellenilip geçildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazanan sepgitleri aýratyn bellenilip geçildi. Has takygy, DÖM-nyň ýaş ilçilerine BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa howpsuzlygy ulgamyndaky başlangyçlaryna hem-de ýurduň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyk etmegine bagyşlanan leksiýa berildi.

«DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigine Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlaryň hem-de talyplaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny bellemek zerurdyr. DÖM-nyň ilçisi bir ýyl möhlet bilen bellenilýändir we ol Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmeginiň üstünde işleýändir.   

Bu bäsleşik Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändir. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň çekilmegi 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň gazanylmagy bilen sazlaşykly baglanşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyl Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ştab-kwartirasynda ýokary derejeli Syýasy forumyň çäklerinde özüniň DÖM ulgamyndaky Türkmenistanyň Meýletin milli synyny berer.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi