icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2019

1206

Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň 62-nji sessiýasyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy.

Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdelerine garşy Konwensiyalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegine, neşe serişdelerine degişli meseleleri çözmekde hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi boýunça meselelere aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynda ýurdumyzyň neşe serişdelerine, psihotrop maddalaryna we prekursorlara garşy alyp barýan syýasaty barada habar berdi. Türkmenistanyň bu ugurda  BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat utgaşdyryjy Merkezi, Neşe serişdeleri gözegçilik etmek boýunça Halkara komiteti bilen neşe serişdelerine garşy sebitleýin we milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça alyp barýan işjen hyzmatdaşlygy barada belläp geçdi.

Bu çärä 100-den gowrak döwletleriň wekilleri gatnaşyp, ministrlik derejedäki mejlisiniň netijesi boýunça bir agyzdan Jarnama kabul edildi.

Bu resminamada BMG-niň Neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy we durmuş-saglyk goraýyş maksatnamalaryň ösüşi, dünýä döwletleriniň tagallalarynyň jebislenmeginiň zerurdygy ýaly meseleler bellenilip geçilýär.

Agzalan çäre öz işini dürli çäreler we tegelek stollar bilen şu ýylyň 22-nji martyna çenli dowam eder.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi