07 sentýabr 2016
6314
Ysraýylyň Parlamentiniň türkmen-ysraýyl parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk
2016-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ysraýyl Döwletiniň Knessetynyň (parlamentiniň) türkmen-ysraýyl parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Ýoel Razwozowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ösüşiniň geljegi bar ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň wajyp ähmiýeti bellenildi.
Iş saparynyň dowamynda jenap Ýoel Razwozow Türkmenistanyň Mejlisinde we sport boýunça Döwlet komitetinde duşuşyklar geçirdi.
Başga habarlar
02
Oct
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
01
Oct
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňilerine we kadalaryna syn bermäge bagyşlanan duşuşyk
30
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
30
Sep
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
30
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Ähli habarlary görmek