icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 maý 2019

2922

Türkmenistanyň Daniýadaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Kopengagen şäherindäki Amaliýenborg köşgünde Daniýa Patyşalygynyň Şa Zenany Margrete II özüniň şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.

Geçirilen kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Daniýanyň Şa Zenanyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şa Zenany Margrete II Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan aýdylan sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna özüniň parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýollady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi